Jaýda pol düşemekden öňki we soňky we pol düşemek wagtyndaky klimatik şertler aşakdaky talaplara laýyk gelmeli:
Pol düşemezden öň laminirlenen pollary açylmaýan gaplarda düşeljek jaýda 48 sagat saklaň.
Ähli ýüzler umumy tehniki talaplara laýyk gelmeli we hereket edýän normatiwleri hasaba alyp üstüne pol düşemek üçin ýaramly bolmaly. Pol düşemäge ýüz taýýarlap aşakdaky talaplaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berilmeli:
Tikinsiz pollardan başga PWH-dan pollar, linoleum, rezin ýa-da agaçdan edilen örtükler hem, ýokardaky talaplara laýyk gelse, pol düşemek üçin ýüzler hökmünde hyzmat edip biler.
Dokma pol örtükleri esas hökmünde ýaramsyz hasaplanýar.
Elektrik ýylatma bilen ýyly pollaryň esas hökmünde ýaramlylygy çäkli hasaplanýar.
Laminirlenen pol örtüklerini suw bilen ýyladylýan polda düşemek mümkin. Şeýle ýagdaýda suw bilen ýyladylýan pol öndürijisiniň instruksiýasyndan peýdalanyň.
Elektrik ýylatma bilen ýyly pollary laminirlenen pol bilen peýdalanmaga esasan ýaramly, ýöne ýylydyjy elementler plýonkaly elektrik ýylydyjy görnüşinde üstünde ýatan däl, tikinsiz polda ýa-da beton gatyna oturdylan bolmaly.
Dykgat! Ýüziň temperaturasy 28°C-den ýokary bolmaly däl.
Eger ýylydyjynyň öndürijisi ýüziň temperaturasynyň 28°C-den ýokary hiç wagt bolmazlygyny üpjün etse, saz-lanan plýonkaly elektrik ýylydyjylar esasynda ýyly pollar laminirlenen pol bilen peýdalanmaga ýaramly bolup biler. Plýonkaly elektrik ýylydyjylar esasyndaky standart ýyly pollar temperaturanyň ekstremal üýtgäp durmaklygy ýagdaýynda 28°C-dan has geçiren ýüziň temperaturasyny döredip bilýär, şol sebäpli pol düşemek esasy hökmünde ýaramsyz hasaplanýar.
Pol tagtalarynda oýuk (A) we darak (B) tapyň.
Birinji hatarda jaýyň uzak çep burçundan düşemege başlaň. Üstünde darak (B) ýerleşýän pol tagtasynyň iki tarapy diwara bakmaly. Düşemege başlap diwara aralyk saklamak üçin söýgetleri goýuň.
Hatary gurnap pol tagtalaryny dik tarap boýunça bir-birine şu şekilde birleşdiriň: birinji tagta we her bir soňky goýlan tagtanyň oýugyna täze tagtanyň daragyny burç astynda giriziň. Ondan soň tagtany dolulygyna pola indiriň, ol dolulygyna pola ýatmalydyr.
Birinji hataryň soňky tagtasynda gerekli uzynlyk ölçäp byçgylap kesiň. Galyndysy 200 mm-den kem bolmasa, ikinji hatary birinji hataryň soňky tagtasynyň galyndysyndan düşemege başlaň. Yzyndan gelýän her hatary ozalky hataryň soňky tagtasynyň galyndysyndan düşemege başlaň.
Dykgat! Yzyndan gelýän her hataryň tagtalarynyň keseligine kesilen ýerleriniň sepleriniň ozalky hataryň tagtalarynyň seplerinden süýşmesi iň az 200 mm bolmaly. Ýylmanan erňegi we/ýa-da özboluşly dekor (meselem, plitka imitasiýasy bilen dekor) bilen pol örtükleriniň tagtalarynyň seplerinden süýşmesi bir ugurly we ýylmanan erňegine we nagyşyna mynasyp bolmaly.
Ikinji hatary we yzyndan gelýän her hatary düşemege hataryň tagtalaryny dik tarapdan birleşdirmekden başlaň.
Hatar gurnandan soň ony galdyryp daragyny ozalky hataryň oýugyna burç astynda giriziň we indiriň, hataryň bütin uzynlygy boýunça dolulygyna gulp gulplanmaly.
Soňky hataryň elementlerini has dogry kesmek üçin:
Jemgyýetçilik we kommersiýalyk jaýlarda pol düşeleninde, ortaça çyglylyk derejesi hasaba alynmaly. Şunuň ýaly şertlerde pol elementlerini ýörite ýelim bilen ýelmemek gerek. Ýelim ýokarky daraga çalynmaly, pol elementlerini düşemekde elementleriň bütin birleşdirme tikinleri boýunça ýelim galyndylary daşara çykmaly. Ýelim galyndylaryny pol tagtasynyň ýokarky böleginden derrew ýa-da ýelim bir az gurandan soň çykarmak mümkin.
Dykgat! Ýelim çalnandan soň pol tagtalary arasynda jaýryklar galmasyn.
Gapy gutylaryny laminirlenen pol örtüginiň we astlygyň jemlenen beýikligine gysgaltmak maslahat berilýär. Ondan soň pol örtügini düşemek gerek, pol tagtasy gapy gutysynyň astyna girmeli, pol örtügi we diwar we/ýa-da başga pol arasynda kompensasion jaýrygy (8 – 10 mm) galmaly. Eger Siz gapy gutysynyň ýanynda pol düşemegi tamamlaýan bolsaňyz, bu bölekde täze pol tagtasyny düz ýerleşdirmek üçin, ozal düşenen pol tagtasy oýugynyň daşary çykýan ast bölegindäki kilti isgene bilen çykarmak gerek. Bu bölekde birleşdirme ýörite ýelim bilen üpjün edilýär.
Eger gapy gutysyny gysgaltmak mümkin däl, meselem, metaldan edilen gutylar, laminirlenen pol we diwar we/ýa-da başga pol arasynda tikinler elastik massa bilen doldurylmaly ýa-da amatly tamamlaýjy profiller bilen ýapylmaly.
* kepillik laminatyň üstüniň sürtülmegine ýaýraýar.
1) Klas
2) Öýde ulanmak üçin kepillik döwri
3) Täjirçilikde ulanmak üçin kepillik döwri